Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmeniň» ygtybarly we stilli ýygnalýan markizleri: islendik howada oňaýlylyk

11:3702.05.2025
0
19906

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti tarapyndan hödürlenilýän dürli görnüşli gurluşlaryň hatarynda döwrebap we ygtybarly ýygnalýan markizler özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Ýygnalýan markizler saýa salmak üçin niýetlenen ýörite gurluşa eýe bolup, berk metal çarçuwadan we çüýremeýän matadan ybaratdyr. Olaryň esasy wezipesi — rahat kölege gurşawyny döretmek we yssy Günli we ýagyşly, oňaýsyz howa şertlerinde goramakdyr.

Kompaniýanyň işiniň esasy ugurlaryndan biri terrassalar, tomusky kafeler we şäheriň çetindäki ýer jaýlar üçin amatly elektrik hereketlendirijisi bilen ýygnalýan markizleri gurnamak hem satmak bolup durýar. Şeýle ulgamlar Gün, ýel, ýagyş we ýaramaz howa şertlerinden täsirli goragy üpjün edýär, dynç almak üçin rahat we özbaşdak ýeri döredýär.

«Maksatly Türkmen» önümleriniň howpsuzlygyna we uzak möhletleýinligine aýratyn üns berýär. Ýeliň güýçli öwüsýän şertlerinde zaýalanmak howpuny göz öňünde tutup, kompaniýa awtomatiki çözgütleri hödürleýär. Has takygy, markizlerde ýel tizligini ölçeýän datçik gurnalyp, ol üýtgeýän howa şertlerini tiz duýmaga we güýçli ýel ýüze çykanda çadyry awtomatiki ýagdaýda ýygnamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, matanyň we mehaniki elementleriň zaýalanmagynyň öňi alynýar.

«Maksatly Türkmen» HJ-den ýygnalýan markizleri saýlap almak bilen, müşderiler diňe bir Gün we ýaramaz howadan ygtybarly goragy üpjün etmän, eýsem häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, ýokary hilli materiallardan ýasalan ajaýyp eksterýer bezegine hem eýe bolýarlar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý;
  • telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň