Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli görnüşli süýjüliklerden ybarat sowgatlar gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, belent ruha beslenen dabaralarda şadyýan çagalaryň gülki sesleri joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşyp, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň her bir gününiň şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.
Çagalar sowgatlary uly joşgun we ruhubelentlik bilen kabul etdiler hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler.