Daşkendiň senagat zolagyndaky kärhanada dörän ýangyn netijesinde iki adam heläk boldy, bäş adam şikes aldy. Bu barada Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Ýangynyň paýtagtyň Ýakkasaraý etrabynda ýerleşýän kiçi senagat zolagyndaky sintepon öndürilýän kärhanada dörändigi aýdylýar. Ýangyn öçürilenden soňra, ýangyn söndürijiler iki adamyň jesedini tapdylar. Bäş adam hassahana eltildi.
Ýangyn netijesinde 700 metr töweregi meýdany bolan kärhananyň üçegine hem-de önümlerine zeper ýetdi.