Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan media we maglumat sowatlylygy boýunça okuw guraldy

09:1502.05.2025
0
19006

2025-nji ýylyň 30-njy apreli ― 1-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky binasynda media we maglumat sowatlylygy boýunça iki günlük çuňlaşdyrylan okuw geçirildi.

Ol Daşary işler ministrligi hem-de ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy institutlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki media we maglumat sowatlylygy boýunça çuňlaşdyrylan okuwyň maksady hem žurnalistleriň we döwlet gullukçylarynyň maglumat sowatlylygy boýunça bilimlerini kämilleşdirmekden, milli hünärmenleriň žurnalistik başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

ÝHHG-niň bilermenleri degişli tema esaslanyp, media sowatlylygy ýokarlandyrmak boýunça gymmatly maslahatlary berdiler. Okuw sapagy sowal-jogap esasynda täsirli geçdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň