Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar: Kofe ýaş bilen bagly gurbatsyzlykdan goraýar

18:1601.05.2025
0
17892
Alymlar: Kofe ýaş bilen bagly gurbatsyzlykdan goraýar
Surat: Gazeta.ru

Kofäni yzygiderli içmek bedeniň gartaşma bilen bagly ysgynsyzlygynyň töwekgelligini peseldýär. Amsterdamyň Jemgyýetçilik saglygy institutynyň alymlary şeýle netijä geldiler. Ýedi ýyllyk ylmy barlaglaryň jemleri «European Journal of Nutrition» neşirinde çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ylmy barlaglaryň çäklerinde hünärmenler ýaşy 55-den ýokary bolan 1160 adamyň salgyk ýagdaýyna syn etdiler. Olar aýratyn hem garrylygyň bäş alamatyna: agramyň tebigy peselmegine, myşşa güýjüniň ýitirilmegine, dowamly ýadawlyga, haýal ýöremeklige we fiziki işjeňligiň gowşamagyna dykgat etdiler.

Seljermeler günde dört ýa-da ondan hem köp bulgur kofe içenlerde bu içgini az içýänler ýa-da düýbünden içmeýänlere garanyňda, ýaş bilen bagly ýakymsyz alamatlaryň döremek töwekgelçiliginiň azdygyny görkezdi.

Alymlar kofäniň gorag täsirliligini onuň düzümindäki polifenollar we beýleki antioksidantlar bilen baglaýarlar, olar öz gezeginde, garramagy çaltlandyrýan çişmäni we turşama stresini peseldýärler. Kofein bedende madda çalşygyny, myşşa agramyny we güýjüň derejesini saklamaga ýardam berýär.

Alymlar kofäniň iň ýokary täsirini ony aram içmek arkaly gazanyp boljakdygyny maslahat berýärler. Munuň üçin ony günde üçden bäş bulgura çenli içmek ýeterlikdir. Şunda adam bedeniniň şahsy aýratynlyklaryny hem-de mümkin bolan gadaganlyklary hasaba almak gerek diýip, alymlar belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň