Leonardo atly öý pyşdyly eýelerinden gaçdy, aradan dokuz aý geçenden soňra tapyldy. Waka Beýik Britaniýanyň Kambri diýen ýerinde boldy diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Öý jandary geçen ýylyň iýulynda ýitdi. Eýeleri tutuş maşgala bolup bagda gezim edip ýörkäler, ünslerini sowan dessine pyşbaganyň pursatdan peýdalanyp gaçandygyny gürrüň berdiler.
Leonardony hemme ýerden gözlediler. Emma netije bolmady, eýeleri ruhdan düşdüler. Olaryň kellesine elhenç pikirler hem gelýärdi, sebäbi pyşdyl 13 ýyl öýde gowy şertlerde ýaşaýardy. Oňa gaçmak üçin esas hem ýok bolup görünýärdi. Onsoň ol açyk asmanyň astynda gyşy geçirip bilmez öýdüp gorkýardylar.
Emma aradan dokuz aý geçenden soňra ýerli ýaşaýjylaryň biri ony köçeden tapyp, haýwanat dükanyna eltdi. Ol ýerden süýrenijiniň «hossarlaryny» gözläp tapdylar.
Täsin ýeri, Leonardo öýden 1,6 kilometrlikde gezip ýören ekeni. Hasaplamalar onuň her günde alty metr töweregi ýol geçendigini görkezdi diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar. Eýeleri pyşbaga gyşy ukuda geçirip, howa maýlandan soňra ýene syýahatyny dowam edendir diýip çaklaýarlar.