Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýokary okuw mekdebinde «Suhangöýlük» sungaty boýunça bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi

12:0901.05.2025
0
20436

Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Suhangöýlük» sungaty boýunça talyplarynyň arasyndaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Bäsleşigiň esasy maksady - suhangöýlük boýunça ýaş zehinli ussatlary ýüze çykarmak, ýaşlarda döredijilikli pikirlenmek endiklerini kemala getirmek, liderlik we ugurtapyjylyk häsiýetlerini ösdürmekden ybarat boldy.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 12-nji aprelde ýazmaça test görnüşinde geçirildi. Oňa jemi 40 talyp gatnaşdy. Test tapgyrynda öz bilimlerini we taýýarlyklaryny tassyklan alty zehinli talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça 1-nji orna Marketing fakultetiniň talyby Begenç Halbaýew mynasyp boldy. Ol beýleki gatnaşyjylaryň arasynda özüniň söz ussatlygy bilen tapawutlanmagy başardy – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň