Hindistanyň Kalkutta şäherinde otelde bolan ýangynda 14 adam pida boldy. Otdan halas bolmak üçin adamlar penjirelerden bökdüler diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ýangyn myhmanhanany çalt gurşap aldy. Adamlaryň köpüsi özbaşdak halas bolmaga ýetişmedi, sebäbi ot we tüsse çykalgalary ýapdy. Bina alty sany ýangyn söndüriji maşyn geldi, adamlary halas etmek üçin penjireleriň aýnalaryny döwmeli boldy.
Ýangynyň döremegine aşhanada gazyň syzmagy sebäp boldy diýlip çaklanýar.
Häkimiýetler pida bolanlaryň ýakynlaryna iki müň dollardan gowrak kömek puluny bermekçi diýlip, habarda bellenýär.