Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balşeker» kärhanasy önümlerini «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkada tanyşdyrýar

22:4130.04.2025
0
14640

«Tibet Türkmen» hususy kärhanasynyň «Balşeker» haryt nyşanly önümçilik kärhanasy Aşgabatda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkada öz önümleriniň dürli görnüşlerini köpçülige tanyşdyrýar. Bu önümleriň hatarynda süýji-karamelden başlap, çaga iýmitine çenli harytlaryň 10 töweregi görnüşi hödürlenilýär.

«Balşeker» haryt nyşanly önümler eýýäm 12 ýyl bäri öndürilip gelinýär. Ilkibaşda şeýle at bilen diňe karamel we horaz süýjüleri öndürilen bolsa, häzire çenli bu önümleriň görnüşi, şonuň bilen birlikde öndürilýän möçberi ep-esli artdy. Olara süýjüler, marmeladlar, kiseller, berhizlik önümleri, gabartma tozudyr wanilin, şeýle hem çaga iýmitleri degişlidir. 2 ýyl mundan öň siroplaryň, geçen ýylda bolsa çaga iýmitiniň önümçiligi ýola goýlup, alyjylaryň uly islegine eýe boldy.

Kärhana daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önümçilik kompaniýalary bilen resmi hyzmatdaşlygy alyp barýar. Muňa «Kenton» türk haryt nyşanly önümleriň resmi dileri hökmünde kärhananyň ýokary hilli şeker tozy, krem şanti, puding, sirop ýaly önümleri gaplap, ýerli bazara hödürleýändigini bellemek bolar. Bu önümleri çig mal esasynda «Balşeker» taýýarlaýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmegi bolsa önümleriň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýändigini görkezýär. Bu diňe bir dilerlik önümlerde däl-de, eýsem «Balşekeriň» öndürýän beýleki harytlary babatda hem şeýledir.

«Balşeker» kärhanasy soňky wagtda çaga iýmitiniň önümçiligine uly ähmiýet berýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň hyzmatdaşlykdaky satyş bölüminde öndürilýän çaga iýmiti özüniň hili we amatly bahasy bilen içerki bazarda uly meşhurlyga eýe boldy. “Maşgalanyň baýlygy — çagasynyň saglygy” diýen şygar bilen öndürilýän bu önümler dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Çaga iýmiti 4 görnüşde — ýedi däneli peýdaly ösümliklerden taýýarlanan, tebigy ary bally, banan tagamly, şeýle hem tüwüli görnüşlerde öndürilýär. Olaryň görnüşini ýakyn geljekde has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.

«Biz türkmen bazarynda öz önümçilik ugrumyz boýunça iň isleg bildirilýän harytlary öndürýäris diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Aýratyn-da, häzirki wagtda çaga iýmitleri giň köpçülik tarapyndan peýdalanylýar. Sebäbi olaryň düzüminde witaminleriň 19, peýdaly minerallaryň hem 19 görnüşi bar. Munuň özi daşary ýurtlardan import edilýän çaga iýmiti önümleri bilen deňeşdirilende hem bu önümleriň bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär» — diýip, kärhananyň hünärmeni gürrüň berýär.

«Balşekeriň» önümleri häzirki wagtda Eýrana, Owganystana, Özbegistana, Gazagystana hem-de Täjigistana eksport edilýär. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň basrha artmagy bilen, kärhananyň önümleri ýakyn geljekde sebitden uzakdaky ýurtlara hem eksport edilip bilner. Sebäbi bu kärhananyň hünärmenleriniň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň