Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy 30-nji iýundan özüniň smartfonlary üçin tehniki goldawy bes eser. Bu barada «Android Authority» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Şeýle hem ätiýaçlyk nusgalama we dikeltme işini goldaýjy «LG Bridge PC» programma üpjünçiliginiň hem-de programma üpjünçiligini täzelemek goldawy bes ediler.
LG kompaniýasy smartfon önümçiligini 2021-nji ýylda bes etdi. Şonda müşderilere onuň smartfonlarynyň täzelemesiniň üç ýyl dowam etjekdigi habar berlipdi.