Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çehiýanyň daglarynda jahankeşdeler 300 müň dollar nyrhy bolan hazyna tapdylar

11:1730.04.2025
0
13082
Çehiýanyň daglarynda jahankeşdeler 300 müň dollar nyrhy bolan hazyna tapdylar
Surat: Azertag.az

Syýahatçylar Çehiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Podkrkonoşi daglarynda özboluşly tapyndynyň üstünden bardylar. Olar tokaý örtüginiň gyradeň däldigini görüp, onuň aşagyndan köne metal konteýneri hem-de altyn şaý-sepli bankany tapdylar diýip, «MIR 24» habar berdi.

Tapyndyny arheologlara berdiler, olar usullylyk bilen toplanan we gara mata bölegine dolanan 598 sany altyn teňňe tapylandygyny habar berdiler. Şeýle hem hazynada 16 sany temmäki gutusy, 10 sany bilezik, inçejik metal sapakdan edilen torbajyk, darak, zynjyr we boýag gutujygy bar. Olaryň ählisi hem, deslapky bahalandyrmalara görä, altyndan ýasalan.

Hazynanyň gymmaty 332 müň dollardan gowrak diýlip bahalandy. Taryhçylar gymmatlyklary ýerli ýaşaýjylar nasistik Germaniýanyň 1938-nji ýylda Çehoslowakiýany basyp almagynyň öňüsyrasy gizlän bolmaly diýip çaklaýarlar. Ýene bir çaklama görä, hazynanyň eýesi sowet goşunlary 1945-nji ýylyň baharynda hüjüme başlanlarynda, gaçmaga mejbur bolan nemesler bolmaly.

Hünärmenler hazynanyň gelip çykyşy boýunça içgin barlaglary geçirmekçi diýip, «Daily Mail» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň