«Yupekchi» hojalyk jemgyýeti Aşgabatda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» (ITSE 2025) atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar. Kompaniýa öz diwarlygynda öndürýän alkogolsyz içgileriniň köp sanly görnüşilerini tanyşdyrýar.
Sergä gatnaşyjylar «Yupekchi» hojalyk jemgyýetiniň «Bold», «Bulvar», «7gen», «Softea», «Näzli», «Hoşal», «Hoşal kids», «Pokgi», «Real» we «Buzz» ýaly meşhur brendleri bilen tanşyp bilerler. Kompaniýa sarp edijileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen dürli tagamly we görnüşli içgileri hödürleýär.
«Yupekchi» HJ-niň diwarlygy diňe bir adaty myhmanlaryň däl, eýsem, dürli ýurtlardan potensial işewür hyzmatdaşlaryň hem ünsüni çekýär. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemekleine görä, «ITSE 2025-e» gatnaşmak – bu brendiň halkara bazaryndaky ornuny berkitmekde we türkmen önümleriniň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmakda strategiki ädimdir.
Önümleriň ähli görnüşleri bilen kompaniýanyň resmi saýtynda tanşyp bilesiňiz: https://www.yupekchi.com.