Tanymal kinorežissýor Stiwen Spilberg Frensis Ford Koppolanyň «Çokundyran ata» atly filmine «häziki güne çenli döredilen iň gowy amerikan filmi» diýip baha berdi. Bu barada ol kino sungatynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin «AFI Life Achievement Award» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda aýtdy diýip, «Kino.mail.ru» ýazýar.
«Siz öň bolan wakany alyp, amerikan kinosynyň geljegini kesgitlediňiz. Siz bu filmi surata almak bilen, hekaýatçylaryň tutuş neslini ruhlandyrdyňyz, olar siziň özlerine buýsanmagyňyz üçin elde baryny edýärler. Menem hemişe bitiren işime siziň buýsanmagyňyzy isleýärin» diýip, Spilberg çykyşynda Koppola ýüzlendi.