Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-german işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler geçirildi

17:2829.04.2025
0
12524
Türkmen-german işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Frankfurt Konsullygy

Geçen hepde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýew Frankfurtda ýerleşýän söwda-ykdysady edaralary bilen iş maslahatlaryny geçirdi. Bu duşuşyklarda şol guramalaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsullygy habar berdi.

Türkmen diplomaty Frankfurt Ykdysady ösüş agentliginde bu edaranyň Ýewropa ýurtlarynda, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy sebitlerinde taslamalar boýunça ýolbaşçysy Anna Stepanenko bilen duşuşdy. Duşuşykda konsula agentligiň işleri we maksatlary barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, Frankfurt şäher häkimliginiň goldawy bilen işleýän agentlik Frankfurt şäher aglomerasiýasynda söwda-ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna ýardam berýär.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň we Reýn-Maýn sebitiniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, türkmen işewürleriniň Germaniýada öz işlerini ösdürmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek, şeýle hem işewürlik maslahatlaryny guramak we işewürlik forumlaryny geçirmek barada gyzykly pikir alyşmalar boldy.

Mundan başga-da, Frankfurt Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň ýerine ýetirijisi direktory, Halkara söwda departamentiniň ýolbaşçysy Ýürgen Ratzinger we Merkezi, Gündogar we Günorta Ýewropa, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça direktory Paul Şmits bilen geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

German tarapyna Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, energetika, nebit-himiýa, dokma we saglygy goraýyş ulgamlarynda geljekde amala aşyryljak taslamalar, şeýle hem ýurtdan eksport edilýän harytlaryň görnüşleri barada maglumat ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, Frankfurtda bilelikdäki çärelerini geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň giňeldilmegi baradaky meseleleriň hem üstünde durlup geçildi.

Germaniýadaky iň gadymy we ykdysady taýdan güýçli ösen Frankfurt şäherini we onuň golaýyndaky ýokary Taunus we Maýn-Taunus sebitlerini öz içine alýan, 102 müňden gowrak agzalary bolan, agzalarynyň sany boýunça 3-nji ýeri eýeleýän Frankfurt Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň