Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mask ýene bäş ýyldan robotlar lukmanlardan ozdurar diýip hasaplaýar

14:0729.04.2025
0
14224
Mask ýene bäş ýyldan robotlar lukmanlardan ozdurar diýip hasaplaýar
Surat: RIA Nowosti

Robotlar ýene bäş ýyldan lukmançylyk operasiýalaryny ýokary hilli geçirmekde hirurg-lukmanlardan ozdurar diýip, ABŞ-nyň Hökümetiniň işiniň täsirliligini ýokarlandyrmak boýunça edaranyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask ynamly aýdýar. Ol bu barada sosial tordaky sahypasynda ýazdy.

Işewür özüniň «Neuralink» kompaniýasynyň adam beýnisine elektrodlary girizmek boýunça robotlary ulanandygyny habar berdi, sebäbi adam elleri şeýle operasiýalary zerur tizlikde we takyklykda ýerine ýetirmäge ukyply däldir.

Mask tarapyndan 2016-njy ýylda döredilen «Neuralink» startapy geljekde adam beýnisine ýerleşdirmek boýunça çipleri işläp düzmek bilen meşgullanýar. Işewür şeýle neýrointerfeýsleriň adama emeli aňa garşy durup biljek kiborg bolmaga, pikiriň güýji bilen kompýuterleri dolandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýdýar.

2023-nji ýylda kompaniýa ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministliginiň Azyk önümleriniň hem-de derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça edarasyndan adamda kliniki barlaglara geçirmäge rugsatnama aldy diýip, «news.rambler.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň