Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

11:4829.04.2025
0
13021
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Surat: TDH

Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşmak üçin sebit ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler Aşgabada geldi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Onda türkmen halkynyň durmuşyna, medeniýetine, sungatyna degişli gymmatlyklara möhüm orun berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 30 ýyllygy, şeýle hem her ýylyň 28-nji aprelinde bellenilýän Zähmeti goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen yzygiderli ösdürýän hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns çekildi. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, geçen döwürde onuň 11 sany konwensiýasyny tassyklady. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi işgärleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygyny goldamak, zähmet şertlerini gowulandyrmak işinde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurduň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösmegine goşant goşýar.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sebit ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşyk «Bitaraplyk ýörelgeleri: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriň hukuklaryny goramakda tutýan orny» atly bölümçelerde dowam etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we sebit döwletleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi. Olara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň