Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rim Papasy 7-nji maýda saýlanar

11:3529.04.2025
0
14858
Rim Papasy 7-nji maýda saýlanar
Surat: Report.az

Watikanyň konklawy (Kardinallaryň ýygnagy) täze Rim Papasyny saýlamak üçin 7-nji maýda ýygnanar. Bu barada Keramatly tagtyň çaphana gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Konklaw özünde 252 sany agzany jemleýär. Olaryň 135 sanysy konklawda ses bermek hukugyna eýedir.

Konklaw Sikstin kapellasynda geçýär, her gün dört ses berlişik guralýar. Saýlanmak üçin sesleriň dörtden üç bölegini gazanmak gerek.

Rim-katolik ybadathanasynyň täze ýolbaşçysynyň saýlanandygyny Keramatly Pýotryň meýdanyndan oňat görünýän turbadan ak tüsse goýbermek bilen duýdurýarlar.

26 –njy aprelde Keramatly Pýotryň tagtyny 2013-nji ýyldan bäri eýeläp gelýän 266-njy Rim Papasy Fransiskiň jesedi topraga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň