Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda bitum we buýan kökiniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikler baglaşyldy

10:2429.04.2025
0
18588

28-nji aprelda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) we Serbiýanyň işewürleri bilen 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň resmi saýtynda habar berildi.

BAE-niň işewürleri bilen «Türkmennebit» döwlet konserninden «BND 60/90» kysymly bitumyny almak barada geleşik baglaşyldy.

Serbiýa döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden buýan kökiniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Netijede söwdalaşyklaryň barşynda jemi 445 750 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň