Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň uly şäherleri elektriksiz galdy

09:1229.04.2025
0
24213
Ýewropanyň uly şäherleri elektriksiz galdy
Surat: Gazeta.ru

Düýn— duşenbe güni Ýewropanyň dört ýurdunda, ýagny Fransiýada, Belgiýada, Ispaniýada we Portugaliýada köpçülikleýin çyra öçdi.

«Cadena SER» radioýaýlymynyň habaryna görä, tutuş Ispaniýada otlularyň, şol sanda metronyň hereketi togtady, ýolyşyklar hem-de käbir howa menzilleri işini bes etdi. Ýurtda elektrik energiýasynyň ulanylyşy 25 184 megawatt bolanlygyndan 12 425 megawatta çenli pese düşdi. «LaSexta» teleýaýlymy Ispaniýanyň köp ýerindäki ýüzlerçe kärhanalarda we öýlerde elektrik energiýasynyň, şol sanda mobil aragatnaşygyň duşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 12:30-da öçendigini, munuň raýatlaryň arasynda hakyky başagaýlyk döredendigini habar berdi. Ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançesiň ýolbaşçylygynda Milli howspsuzlyk geňeşiniň gyssagly ýygnagy geçirildi.

Elektrik yşygynyň öçmegi Madridde, Barselonada, Walensiýada, Sewilýede we beýleki uly şäherlerde hasaba alyndy. Madridiň Barahas halkara howa menziliniň işinde bökdençlikler peýda boldy.

Günüň ikinji ýarymynda «Red Eléctrica» elektrik operatory Ispaniýanyň demirgazygynda we günortasynda elektrik üpjünçiliginiň dikeldilip başlanandygyny habar berdi. «Sky News» teleýaýlymy Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Andorranyň we Pireneý ýarymadasynyň bir hepdelik elektrikden mahrum boljakdygyny REN elektrik üpjünçilik operatoryna salgylanyp, habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň