Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda Magtymgulynyň «Saýlanan eserleri» neşir edildi

15:1528.04.2025
0
20931
Özbegistanda Magtymgulynyň «Saýlanan eserleri» neşir edildi
Surat: Uza.uz

Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň hemaýatkärlik etmeginde Magtymgulynyň özbek dilindäki «Saýlanan eserleri» neşir edildi. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.

Magtymguly Pyragynyň «Saýlanan eserlerindäki» özbek diline terjime edilen goşgular şahyryň 1983-nji, 1994-nji we 1996-njy ýyllarda «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan çap edilen iki we üç tomluk kitaplaryndan saýlanylyp alnypdyr. Şeýle-de kitap täze terjime edilen goşgular bilen baýlaşdyrylypdyr.

Ýeri gelende Özbegistanyň Magtymgulynyň goşgulary iň köp terjime edilýän we iň köp okalýan ýurtlaryň biridigini bellemek gerek diýlip, habarda bellenilýär.

Kitabyň jogapkär redaktory Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy, Özbegistanyň halk şahyry Sirojiddin Saýid, kitapdaky sözbaşynyň, düşündirişli sözlügiň we teswirleriň awtory bolsa Özbegistan Respublikasynda at gazanan ýaşlar tälimçisi, hormatly professor Mirzo Kenjabekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň