Şu gün Almaty şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de Türkmenistanyň wekili gatnaşdy. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Duşuşykda esasan syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ulag baglanyşyklaryny ösdürmek, ýüze çykýan kynçylyklara we wehimlere garşy bilelikde göreşmek, şeýle-de sebitiň durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda özara hormat we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipler seljerildi.
Taraplar häzirki zaman kynçylyklaryna deňagramly çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, özara peýdaly ösüş ugrunda ädimleri ylalaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar bu formatda yzygiderli duşuşyklary geçirmäge taýýardyklaryny bildirip, gatnaşyklary ösdürmek we ileri tutulýan ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmak boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň netijesinde taraplaryň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň çäklerinde goňşuçylyk gatnaşyklaryna, durnukly ösüşe we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny görkezýän Maglumat kommunikýesi kabul edildi.