Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda gelinlik öýlenýän ýigidiň dostlary sebäpli toýy ýatyrdy

13:3626.04.2025
0
41697
Hindistanda gelinlik öýlenýän ýigidiň dostlary sebäpli toýy ýatyrdy
Surat: Gazeta.ru

Hindistanda durmuşa çykjak gyz öýlenýän ýigidiň dostlarynyň özlerini gödek alyp barandyklary sebäpli öýkeledi hem-de töwella garaman, durmuşa çykmakdan ýüz dönderdi diýip, «The Indian Express» neşiri habar berdi.

Habarda gürrüň berlişine görä, ýurduň Haridwar diýen ýerinde ýaş çatynjalaryň maşgalalarynyň arasynda dörän jedel sebäpli, toý şagalaňy ýatyp, hakyky başagaýlyk döräpdir. Gelinlik öz maşgalasyndan bolan zenany ýigidiň dostlary kemsidenlerinden soňra nika dabarasyny ýatyrýandygyny yglan etdi hem-de gelnaljyny yzyna gaýtardy.

Soňra iki tarap sögüşmäge başlady we köpçülikleýin gyzyl ýumruga girdiler. Iki tarapdan hem erkekler bir-birine daş zyňyşdylar.

Waka barada Haridwaryň polisiýasyna taraplaryň ikisindenem şikaýat gowuşmandyr. Häzirki wagtda wakanyň sebäpleri derňelýär diýip, polisiýada habar berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň