Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýaly kenguru bilen urşup hassahana düşdi

12:5126.04.2025
0
32925
Awstraliýaly kenguru bilen urşup hassahana düşdi
Surat: Rambler.ru

Awstraliýada erkek kişi kenguru ýenjenden soňra hassahana düşdi diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Adrian Stok atly fermer Täze Günorta Uels ştatynyň Bungawalbin diýen ýerindäki mülkünde özüne kengurunyň hüjüm edendigini gürrüň berdi. Onuň itleri kenguruny yzarlapdyrlar. Fermada 35 ýyldan gowrak bäri ýaşap gelýän Stok olary aralamakçy bolupdyr. Emma kenguru ony howp hökmünde görüp, üstüne topulypdyr.

«Ol meniň kellämi öň aýaklary bilen tutdy-da, garnyma depip, ýere ýykdy» diýip, Stok ýatlaýar.

Tutluşygy saklamak üçin ol golaýdan geçip barýan adamdan gamçy alypdyr. Itleri aýyrmak we kenguryny köşeşdirmek üçin bäş minut gerek bolupdyr. Oňa çenli fermeriň özi-de, haýwan hem mazaly surnugypdyr.

Hüjümden soňra erkek kişiniň kellesinde köpsanly kesikleri we garnynda uzyn dyrnaçak yzyny tapypdyrlar. Ýerli lukman ýaralary tikipdir we bürmek keseline garşy sanjym edipdir.

«Ýara yzlary ömürlik galdy, aýratyn hem garnymdaky ýara çuň, 30 santimetr töweregi» diýip, Adrian sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň