Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň "Filologiýanyň meseleleri" ylmy-usuly elektron žurnaly halkara standart yzygiderli belgini (ISSN 3079-9449) aldy. Bu žurnaly halkara döwürleýin neşirleriň ulgamynda kagyz hem-de elektron görnüşde resmi taýdan kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýär we 2022–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasynda hem-de 2020–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ylym pudagyny sanly ulgama geçirmek boýunça Maksatnamada kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi.
Halkara standart belginiň berilmegi Türkmenistanda ylym we bilim ulgamynyň özgerdilmegine hem-de onuň halkara ylym giňişligine goşulyşmagyna uly üns berilýändigini görkezýär. Gysga wagtda neşir diňe ýurduň içinde däl, eýsem onuň daşynda hem ykrar edilip, filologiýa we dil bilimleri babatda ylmy gepleşikler üçin möhüm meýdança öwrüldi.