Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oguljahan Atabaýewa we Saida Mirziýoýewa Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördüler

12:0026.04.2025
0
28035
Oguljahan Atabaýewa we Saida Mirziýoýewa Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördüler
Surat: Yuz.uz

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa bilen bilelikde «Inson» jemgyýetçilik hyzmatlar merkezine we Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördi. Bu barada yuz.uz saýty habar berdi.

Hormatly myhmanlar ilatyň jemgyýetçilik goragyna mätäç toparlaryny goldamak, bilim almak mümkinçiliginden deň peýdalanmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdylar.

«Bu duşuşyk çagalary we maşgalalary goldamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek üçin gowy esas bolar diýip ynanýaryn» diýip, S.Mirziýoýewa özüniň «Telegram» sahypasynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň