Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň 82-nji mejlisine gatnaşdy

11:1126.04.2025
0
23942
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň 82-nji mejlisine gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

23-24-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komitetiniň 82-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlise gatnaşmaklyk Türkmenistan bilen halkara hukuk goraýjy düzümleriň arasyndaky konstruktiw dialogyň ösüşi ugrunda wajyp ädim boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň gynamalaryň hem-de ýüzlenmegiň we jeza bermegiň rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni peseldiji görnüşleriniň öňüni almak ugrunda alyp barýan tagallalary barada maglumat bilen çykyş etdi.

Milli kanunçylygyň we kazyýet tejribesiniň çäklerinde ýetilen esasy sepgitler, şeýle-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we adalatlylyga bolan elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar barada bellenip geçildi.

Dostlukly, konstruktiw äheňde geçen ara alyp maslahatlaşmalarda komitet agzalary türkmen wekiliýetiniň dialoga we özara gatnaşyklara bolan açyklygyna ýokary baha berdiler, şeýle-de geljekki hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň