Golaý wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň paýtagtynda ýerleşýän Türki söwda merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakda Ähtnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonyny açmak göz öňünde tutulýar diýip, Merkeziň direktory Ýylmaz Okukla salgylanýan «Report» ýazýar.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň pawilýony üçin eýýäm ýer bölnüp berildi. Merkeziň direktory, şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň pawilýonlarynyň açylmagy türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşant bolar diýip nygtady.