Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň mekdeplerinde mugallymlaryň ýetmezçiligini 30 göterim bahalandyrdylar

09:1826.04.2025
0
19791
Russiýanyň mekdeplerinde mugallymlaryň ýetmezçiligini 30 göterim bahalandyrdylar
Surat: RBK

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin ýurduň mekdeplerinde hünärmenleriň ýetmeýändigi barada meseläniň kanun çykaryjylar tarapyndan ara alyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.

Wolodin ýörite geçirilen barlaglar netijesinde aýratyn hem oba mekdeplerinde mugallymlaryň 30 göterim derejede ýetmeýändigini, şäher mekdeplerinde matematika, fizika we himiýa mugallymlaryna zerurlygyň bardygyny özüniň Telegram-sahypasynda ýazdy. Onuň sözlerine görä, saglygy goraýyş ulgamynda, aýratyn hem orta lukmançylyk işgärler düzüminde-de hünärmen ýetmezçiligi bar. Ýagny bu ulgama 75 müň hünärmen gerek, oba raýonlarynyň merkezi hassahanalarynda lukmanlaryň ýetmezçiligi 50 göterime deň.

Bu meseleler 28-nji aprelde kanunçykaryjylaryň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylar diýip, RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň