Şu ýylyň 28-29-njy aprelinde Daşkentde «Strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak: taryhy gatnaşyklary giň gerimli hyzmatdaşlyga öwürmek» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (AADHG) seljeriş merkezleriniň ilkinji forumy geçiriler. Bu barada «Yuz.uz» habarlar agentligi habar berdi.
Bu forum Özbegistan Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty bilen Saud Arabystanynyň «Gulf Research Center» (Aýlag Seljeriş Merkezi) tarapyndan guralar.
Foruma Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) we AADHG-nyň (Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar, Kuweýt, Oman, Bahreýn) 70-den gowrak abraýly bilermeni gatnaşar. Bu çäre iki giň makrosebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem foruma AADHG-nyň Sekretariaty, diplomatik korpusyň we işewürler toparlarynyň wekilleri çagyrylar.
Forumyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň arasyndaky häzirki we geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça syýasy gepleşikleri we özara ylalaşylan çemeleşmeleri pugtalandyrmak, söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, «ýaşyl» energetika we ulag geçelgelerini ösdürmek ýaly ugurlarda geljegi uly taslamalar bilermenleriň üns merkezinde bolar.
Şeýle-de sebitara hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi berjek, ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki ösüş mümkinçiliklerini doly açyp görkezjek amaly başlangyçlary taýýarlamaga aýratyn üns berler.
Forumyň dowamynda bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we AADHG-nyň seljeriş merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegine garaşylýar. Bu resminamalar iki sebitiň bilermenleriniň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döreder.
Mundan başga-da, forumda işlenip taýýarlanylan teklipler Samarkantda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletleriň Baştutanlarynyň ikinji sammitiniň gün tertibini baýlaşdyrmaga uly goşant goşar.