Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde «Musulman dünýäsinde bosgunlar» atly halkara maslahat geçirildi we onuň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2021-nji ýylda sanly ulgam arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammiti geçirildi. Sammitiň işine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.
Şolaryň hatarynda şu ýylyň 20-21-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetini gatnaşdyrmak we onuň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gazanmak; 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde parahatçylyga bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklipler bar. Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda bu guramanyň mowzuklaýyn mejlislerini, hususan-da, ulag, energetika, bilim, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary boýunça ministrler derejesindäki maslahatlaryny Türkmenistanda geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek; şu ýylyň 1-2-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýedinji mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurdaky teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.