Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny makullady

06:3526.04.2025
0
16876

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Howa kodeksine hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, ýurduň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň milli awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň agzasy hökmünde Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň