Tailandda erkek kişini kakasynyň gözüniň alnynda ýyldyrym urup heläkledi, pida bolan 44 ýaşly Sommaý Jaryjit diýip, «The Thaiger» neşirine salgylanýan «rbc.ru» ýazýar.
Waka ýurduň Amnatçaren ülkesinde boldy, heläk bolanyň kakasynyň sözlerine görä, onuň ogly ekin meýdanynda işini tamamlap, agşam şamlygy üçin kaffir-laýma ýapraklaryny çöpläp ýören ekeni. Şol wagt asmany bulutlar eýeläp, gök gürläp başlapdyr, ýyldyrym çakypdyr. Sommaý Jarujitiň kakasy öwrülip seretse, ol ýerde dem-düýtsüz ýatan ekeni.