Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategik garaýyş toparynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

16:1225.04.2025
0
25164
Türkmen diplomaty «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategik garaýyş toparynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Surat: Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasy

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Kabul ediş merkezinde «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategik garaýyş toparynyň ýolbaşçylarynyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategik garaýyş toparynyň başlygy, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanowyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa hormatly myhmanlar hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnullin we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow gatnaşdy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Çäräniň esasy maksady 2024-nji ýylda Toparyň alyp baran işleriniň netijeleri we 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary barada gatnaşyjylary habarly etmekden ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda Toparyň başlygy geljekki XVI Halkara ykdysady forumy «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» üçin taýýarlyk meselelerine, şeýle hem şol günlerde geçirilýän Strategik garaýyş toparynyň «Russiýanyň we Yslam dünýäsi ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky tejribesi: umumy kynçylyklar we bilelikdäki çäreler» atly mejlisine aýratyn üns berdi.

Duşuşykda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Ýeri gelende bellesek, «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategik garaýyş toparynyň işi Russiýa Federasiýasy bilen YHG, onuň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegi gazanmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň