Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arassa Nusga» telekeçileri «Depginli işewürlik» atly işewürlik forumyna çagyrýar

12:2125.04.2025
0
24741

«Arassa Nusga» maslahat beriş kompaniýasy 10-njy maýda «Arkaç» işewürlik merkezinde («Iş Nokady» meýdançasy) geçiriljek «Depginli işewürlik» işewürlik forumyny yglan edýär.

Forum buhgalter hasabatyndan başlap, seljermä çenli sanly gurallaryň hususyýetçileriň dolandyryş çözgütlerini kabul etmegine we durnukly ösüşi üpjün etmäge nähili kömek edýändigi barada aç-açan pikir alyşmak üçin meýdança bolar.

Bu çäre nazary okuwlary däl-de, anyk we subut edilen çözgütleri gözleýän telekeçilere we ýolbaşçylara gönükdirilendir. Amaly tejribe, dogruçyl ýagdaýlar we gyzgalaňly pikir alyşmalar esasy üns merkezinde bolar.
ERP, CRM, BI çözgütlerini we seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmakda ýöriteleşen «Arassa Nusga» söwda, önümçilik we paýlaýjy kompaniýalar bilen işleşen ýyllarynyň dowamynda toplan tejribesinden hakyky wakalary paýlaşmagy meýilleşdirýär.

Forumyň maksatnamasy şulary öz içine alýar:

  • dolandyryş, satuw, seljerme we maliýe ugurlarynda IT çözgütlerini durmuşa geçirmegiň amaly ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmak;
  • hususyýetçileriň we dürli pudaklardan ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda panel sessiýa;
  • gatnaşyjylaryň esasy kynçylyklaryny interaktiw toplamak we derňemek;
  • sanly dolandyryş babatda çagyrylan bilermenleriň we ulgamyň öňdebaryjylarynyň ýolbaşçylary tarapyndan çykyşlar.

Forum telekeçiler üçin aşakdaky meseleler babatda aýratyn peýdaly bolar:

- öz kompaniýaň maliýe ýagdaýy barada aýdyň düşünje almak.

- müşderileri, satuwy we wezipeleri hasaba almak amallaryny ýeňilleşdirmek.

- ýalňyşlyklaryň we gündelik işleriň sanyny azaltmak.

- işewürligiň aç-açanlygyny we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak.

- şuňa meňzeş meseleleri çözmekde beýleki telekeçileriň tejribesini öwrenmek.

Aleksandr Petrosow - Arassa Nusga-nyň baş direktory, «Depginli işewürlik» işewür hünärmeni

Roman Ikonnikow - Arassa Nusganyň operasiýa müdiri, «Depginli işewürlik» işewür hünärmeni

Foruma gatnaşmak mugt, ýöne ýerleriň sany çäklidir. Gatnaşmak üçin salgylanma arkaly gysga hasaba alyş işlerini geçmeli (diňe 6 sorag) we giriş üçin aýratyn QR kody almaly.

Guramaçylar gereksiz maglumatlar bolmazdan, janly, giň mazmunly we amaly çekişmeleri wada berýärler hem-de gyzyklanma bildirýän telekeçileri bu çärä gatnaşmaga çagyrýarlar.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon: (+993 65) 81 25 13;
  • web-saýt: arassanusga.com;
  • elektron poçta: info@arassanusga.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň