Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkantda guralan sergä aýlanyp gördi

18:0024.04.2025
0
18859
Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkantda guralan sergä aýlanyp gördi
Surat: President.uz

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Samarkant şäherindäki halkara syýahatçylyk merkezinde guralan «Döwürleriň sedasy» («Zamonlar sadosi») atly sergä aýlanyp gördi.

Myhmanlar serginiň esasy bölegi bolan gijeki sähra manzarasyna tomaşa etdiler. Onda ýyldyzly asman, burçlar, Ulugbegiň kartasy we meridianlar şöhlelendirilipdir. Olara sereden adam özüni edil Beýik Ýüpek ýoluny yzarlap barýan kerwen bilen gum depeleriniň arasyndan geçen ýaly duýýar. Ýolugra bolsa adamzat siwilizasiýasynyň ösüş taryhy beýan edilýär.

Sergide dutar we tanbur saz guarallarynda türkmen hem-de özbek halk sazlary çalyndy, Magtymguly Pyragydan we Alyşir Nowaýydan şygyrlar okaldy diýip, yuz.uz özbek saýty ýazýar.

Bellenilişi ýaly, ýörite effektleri we teatr sahnalaryny giňden ulanmak bilen täzeçil innowasion usulda gyralan çykyşlar myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň