Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Howany öwrenijiler planetada yssy sebäpli heläkçilik barada duýdurdylar

16:3424.04.2025
0
35018
Howany öwrenijiler planetada yssy sebäpli heläkçilik barada duýdurdylar
Surat: Gazeta.ru

Soňky 50 ýylda planetanyň çäginiň 60 göteriminde howanyň temperaturasynyň güýçli üýtgemegi ýygy-ýygydan ýüze çykyp başlady. 2100-nji ýylda, eger kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň möçberi azaldylmasa, olaryň ýygylygy ýene 6-8 göterim artar, howanyň üýtgemelerinden ejir çekýänleriň sany bolsa iki esse köpeler diýlip, halkara alymlar topary «Nature Communications» ylmy žurnalynda çap eden makalada duýdurýarlar.

1961-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda klimaty öwrenijiler ählumumy maýlama sebäpli, duýdansyz maýlamalaryň we sowamalaryň ýygjamlaşandygyny hasaba aldylar. Bu adatdan daşary ýagdaýlar eýýäm uly ýitgilere getirdi: ABŞ-da we Ýewropada hasylyň köp böleginiň ýitirilmegi, infrastrukturanyň hatardan çykmagy hem-de ykdysady zyýan hasaba alyndy.

Geljekde, bu kynçylykly ýagdaýdan aýratyn hem ösýän sebitler güýçli ejir çekerler – Sahara sähralygyndan günortarakdaky Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň ilatyna howa töwekgelçilikleri häzirkiden 4-6 esse köp howp salar.

«Howanyň birdenkä üýtgäp durmagy adamlara yssa ýa-da sowuga uýgunlaşmaga idin bermeýär. Eger zyňyndylaryň möçberleri azaldylmasa, asyryň aýagynda milliarlarça adamlara güýçli howp garaşýar» diýip, ylmy barlaglaryň ýolbaşçysy, Sun Ýatseniň uniwersitetiniň professory Lo Min düşündirýär.

Alymlar howanyň çalt üýtgäp durmagyna garşy çäreleri ählumumy klimat strategiýasyna girizmäge çagyrýarlar. Aýratyn hem munuň elhenç netijelere getirjek Afrika, Latyn Amerikasy sebitlerine üns bermek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň