Hytaýyň Şanhaý şäherinde 21-nji Halkara awtoulag senagaty sergisi öz işine başlady. Guramaçylar serginiň dowam etjek 10 gününiň dowamynda (23-nji aprelden – 2-nji maý aralygynda) oňa 1,3 million adamyň barmagyna garaşýarlar diýip, TASS habar berdi.
Sergide täze ulag kysymlarynyň 100-si bilen tanyşdyrylar. Öz täze ulaglary bilen german, amerikan we ýapon, şol sanda okgunly ösýän hytaý awtoulag öndürijileri tanyşdyrarlar. Sergä dünýäniň 26 ýurdundan we sebitlerinden bir müňden gowrak kompaniýa gatnaşýar. Olar myhmanlary robotlar, sürüjisiz uçýan ulaglar hem-de öz-özüni dolandyrýan tigirli karaoke-beketler bilen özüne çekmek isleýärler. Sergide «Audi», «Bentley», «BMW», «Cadillac», «Mazda», «Nissan», «Mercedes-Benz», «Ford», «Honda», «Porsche», «Toyota», «Volkswagen», «Volvo» we beýleki meşhur awtoulag öndürijileriň täze önümleri görkeziler. Olar bilen Hytaýyň «BYD», «Exeed», «Li Auto», «Hongqi», «Xiaomi», «XPeng», «Zeekr» ýaly onlarça kompaniýalarynyň önümleri bäsleşýärler.
Hytaý dünýäde iň uly awtoulag bazary bolup, bu gün köne ulag önümçilik mekdebi bilen işjeň bäsleşýär we tehnologiýalar hem-de «akylly» maşynlar pudagynda barha özüni tanadýar.
Şanhaýyň awtoulag senagaty halkara sergisi 1985-nji ýylda esaslandyrylyp, ol her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.