Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH ýazýar.
«Biz Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga uly höwes bilen çagyrýarys. Munuň özi sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň hem nyşanyna öwrüler» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge çagyrdy. Bu şäherde Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, atçylyk toplumy guruldy.