Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

10:3624.04.2025
0
24859
«Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Surat: Tohi.edu.tm

Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

23-nji aprelde bolan maslahata ýurduň alymlary, mugallymlary, ýaş gözlegçileri, şeýle hem onlaýn platformasynda birnäçe daşary ýurtly hünärmenleri ýygnandy. Forumyň esasy maksady, ekologiki ulgamlara täsirleriň ýokarlanmagy we howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň ýörelgelerini, tehnologiýalarydyr çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak.

Maslahatyň umumy mejlisinde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan, Belarus, Azerbeýjan, Moldowa Respublikalaryndan, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndan hem-de Pakistan Yslam Respublikasyndan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň orny barada sanly ulgam arkaly täsirli çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň