Şu gün Gyrgyzystanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny hem-de Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşandy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.