Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda diplomata Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Parlamentiň düzümi, onuň kanun çykaryjylyk işi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de durmuş-ykdysady maksatnamalara aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köptaraplaýyn gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.
Ilçi deňlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.