Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýyň asmanyndan syrly otly şar uçup geçdi

18:2923.04.2025
0
27801
Dubaýyň asmanyndan syrly otly şar uçup geçdi
Surat: Kp.ru

Dubaýda russiýaly syýahatçylar asmanda syrly ýanýan şaryň uçuşyny wideo düşürdiler. Ol atmosferada ýanýan meteor bolmagy mümkin diýip, «Shot» Telegram ýaýlymyna salgylanýan «caliber.az» habar berdi.

Jahankeşdeleriň gürrüňine görä, olar «Le Royal Méridien Beach Resort & SPA» myhmanhanasynda agşamlyk edinýärkäler, gije asmanynda ot bilen gurşalan zady görüpdiler, ol ýarym minutdan soňra gözden ýitipdir.

Näbelli otly şar gözden ýitenden soňra hiç hili partlama sesi eşidilmändir. BAE-niň dessin gulluklary bu waka barada hiç hili habar bermedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň