Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berhizlik ýumurtgalar ABŞ-da meşhurlyk gazanýar

16:4223.04.2025
0
18091
Berhizlik ýumurtgalar ABŞ-da meşhurlyk gazanýar
Surat: Sm.news

Berhiz tutýan adamlar üçin mäşden ýasalan ýumurtganyň satuwy ABŞ-da guş dümewi bilen baglylykda, bäş esse artdy diýip, «Financial Times» gazeti habar berdi.

Habara görä, bu önümi öndüriji «Eat Just» geçen aýda «guş dümewinden halasgär» hökmünde mäşden edilen suwuk ýumurtganyň satuwyny ýola goýdy. Muňa ýurduň şäherlerinde guş ýumurtgasynyň on iki sanysynyň bahasynyň 6,23 dollara çenli gymmatlamagy sebäp boldy. Birleşen Ştatlaryň Zähmet statistikasy edarasynyň maglumatlaryna görä, bu soňky on ýylda iň ýokary görkezijidir.

«Eat Just» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Joş Tetrik ýumurganyň oruntutarynyň satuwlarynyň bu ýyl geçen ýyldakydan bäş esse ýokarydygyny aýdýar. «Guş dümewi biziň üçin möhüm mümkinçilik boldy. Häzir dükanlaryň köpüsinde biziň ýumurtgamyz tekjelerde ýeke-täk haryt bolup durýar» diýip, Tetrik nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň