«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa we Kazana uçuşlaryny gaýtadan dikelder, Aşgabat we Astana Hazar deňzindäki portlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy meýilleşdirýärler, Türkmenistanyň Prezidenti TEIF 2025 forumynyň öz işine başlamagy mynasybetli foruma gatnaşyjylary gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji maýdan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dikelder. Gaýtadan dikeldilýän uçuşlara awiabiletleriň satuwlary eýýäm başlandy. Biletleri awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alyp bolýar.
https://turkmenportal.com/blog/90262/aviakompaniya-turkmenistan-vozobnovit-polety-v-moskvu-i-kazan
2. Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň (TEIF-2025) öz işine başlamagy mynasybetli foruma gatnaşyjylary we daşary ýurtly myhmanlary gutlady. Döwlet Baştutany Gutlagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň hem-de energiýa geçirijileriniň gurluşygyny netijeli dowam etdirmegiň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belledi.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana saparynyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň ösýändigini bellediler we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
4. Mundan başga-da, Türkmenistan Gazagystana Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy, şeýle hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmegi teklip etdi.
5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana saparyny tamamlap, sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy.
6. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmäge möhüm goşant goşýar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Jon MakGregor ÝHHG-niň 50 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forumda eden çykyşynda belledi.
7. 3-nji maýda Bakuwda Türki dünýäsiniň agzybirlik gününiň çäklerinde geçiriljek «Agzybirlik ruhy» atly konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar. Konsert Azerbaýjanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynda geçiriler. Konsertde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň kompozitorlarynyň eserleri hem-de halk aýdymlary ýerine ýetiriler.
Dünýäde
1. Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda ýerleşýän «Buj Bim» milli seýilgähinde ýolbaşçylaryň tabşyrygyna laýyklykda, takmynan 750 koala öldürildi. Bu waka ýurduň ilatynyň we haýwan hukuklaryny goraýjy guramalaryň arasynda gahar-gazap tolkunyny döretdi. Daşky gurşawy goramak edaralarynyň wekilleri bu çäräniň zerurlygyny mart aýynda seýilgähde bolup geçen tokaý ýangynyň netijesinde haýwanlaryň köp sanlysynyň ejir çekendigi we suw ýetmezçiligi bilen düşündirdi. Koalalary ýok etmegiň dikuçarlarda mergenler tarapyndan amala aşyrylandygy kesgitlenildi.
https://turkmenportal.com/blog/90270/vlasti-avstralii-prinyali-reshenie-ob-unichtozhenii-soten-koal
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň badalga almagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary we myhmanlary gutlady. «Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýlip Gutlagda bellenilýär.
2. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri «A» toparyň üçünji diwizionynda geçirilen dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Türkiýäniň toparyndan üstün çykdylar. Duşuşyk Stambulda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Kerwen Baýlyýew (8-nji minut) we Aleksandr Wahowskiý (22) şaýbany derwezä girizdiler. Türkiýäniň milli ýygyndysynyň ýeke-täk şaýbasyny Ferhat Bakal derwezä girizdi (17). Ylýas Weliýewiň şägirtleri indiki oýnuny 24-nji aprelde Lýuksemburgyň milli ýygyndysyna garşy geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlar.
https://turkmenportal.com/blog/90260/turkmenistan-pobedil-turciyu-na-chm-po-hokkeyu-v-stambule