Gazagystana dostlukly saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynda energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşykda Gahryman Arkadagyň nygtaýşy ýaly, geçen ýylyň tomsunda Astanada nebitgaz pudagynda bilelikdäki işleri geçirmek baradaky möhüm ähmiýetli ylalaşyk gazanyldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan saparynyň barşynda iki ýurduň iri ugurdaş düzümleriniň arasynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi bu ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň olary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek we türkmen tebigy gazyny Gazagystana ibermek taslamasyny ilerletmek boýunça işi utgaşdyrmak maksady bilen döredilen bilelikdäki iş toparyna degişli tabşyryklary bermegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, elektrik energiýasyny ibermek energetikanyň geljegi uly ugurlarynyň ýene biri bolup durýar. Bu babatda hem Türkmenistan gazagystanly hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly, netijeli işlemäge taýýardygyny beýan edýär.