Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanda köpçülikleýin ýol-ulag hadysasynda dört adam gurban boldy

14:3523.04.2025
0
18309
Tatarystanda köpçülikleýin ýol-ulag hadysasynda dört adam gurban boldy
Surat: Rambler Auto

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda sement daşaýjy ulagyň sürüjisi howply tizlikde ýolyşygyň gadagan ediji yşygynda garaşyp duran «Lada Vesta», «KamAZ» we «Sollers» awtoulaglaryna barlyp uruldy. Netijede, dört adam: «Lada Vesta» we «Sollers» ulaglarynyň sürüjileri hem-de ýolagçylary gurban boldy diýip, «rg.ru» habar berdi.

Ýol-ulag betbagtçylygy bilen baglylykda, jenaýat işi gozgaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň