Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň himiýa zawodynda üç aýda 67 million manatlyga golaý önüm öndürldi

10:4323.04.2025
0
11689
Türkmenabadyň himiýa zawodynda üç aýda 67 million manatlyga golaý önüm öndürldi
Surat: Turkmenhimiya.gov.tm

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 2025-nji ýylyň üç aýynyň jemleri boýunça 66 million 859 müň manatlyk önüm öndürldi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 135 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe fosforly mineral dökünleriň 38 müň 300 tonnasy taýýarlanylyp, meýilnama 106,4 göterim amala aşyryldy.

Kärhanada ýanwar — mart aýlarynyň dowamynda kükürt kislotasynyň 64 müň 850 tonnasy öndürildi. Netijede bellenilen meýilnama hem artygy bilen ýerine ýetirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň