Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy

10:3323.04.2025
0
13304
Aşgabatda halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy
Surat: Türkmenmetbugat

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. Halkara olimpiada 15 döwletden, şol sanda Türkmenistandan jemi 230-dan gowrak zehinli ýaşlar hem-de 50-ä golaý daşary ýurtly mugallymlar gatnaşýar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Mekdebiň öňündäki giň meýdançada guralan dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Güneş» hor topary hem-de Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň birleşen çagalar tans toparlary joşgunly aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler.

Soňra halkara olimpiada gatnaşyjylar bu ýerde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünliklerini we taslama işlerini, şekillendiriş sungatyna degişli eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar.

Serginiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň milli senetçilik we el işlerini ýerine ýetirýän pursatlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Mukam» çagalar skripkaçylar toparynyň «Sazlar çemeni» atly saz eserleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Olimpiadanyň açylyş dabarasynda degişli ýolbaşçylar, eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň