Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zurab Sereteli dünýäden gaýtdy

09:4223.04.2025
0
13412
Zurab Sereteli dünýäden gaýtdy
Surat: Interfax.ru

Monumentalçy-suratkeş, heýkeltaraş, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň prezidenti Zurab Sereteli 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada suratkeşiň kömekçisi Sergeý Şagulaşwilä salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

SSSR-iň we RF-niň halk suratkeşi, «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeniniň eýesi Zurab Sereteli sowet, rus we gruzin suratkeşidir. Ol 1997-nji ýyldan bäri Russiýanyň Çeperçilik akademiýasyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Suratkeş 1934-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Tbiliside doguldy.

Ol birnäçe sungat galareýalaryny esaslandyrdy. Bäş müňden gowrak nakgaşlyk, heýkel, freska, mozaika we panno eserlerini döretdi.

Sereteli köpsanly heýkel ýadygärlikleriň awtorydyr, olaryň hatarynda Moskwadaky «Baky dostluk», Nýu-Ýorkdaky BMG-niň binasynyň öňündäki «Haýyr şeri ýeňýär», Sewilýedäki «Täze adamyň dogluşy», Londondaky «Ynamsyzlyk diwaryny ýumrup» ýaly iri göwrümli ýadygärlikler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň