Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy mart aýynda 35 million dollara golaý boldy

18:1622.04.2025
0
18160

2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen özara söwda dolanyşygy 35 million amerikan dollaryna golaý boldy.

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, şu ýylyň 3 aýynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 143,1 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal ýanwar-fewral aýlarynda bu görkezijiniň 110 million amerikan dollaryna ýetendigini habar beripdik. Şeýlelikde, geçen aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň 33,1 million amerikan dollara deň bolandygyny görmek bolýar.

Umuman alnanda, 2025-nji ýylyň deslapky 3 aýynda Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 15-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň